Çaga terbiýe bermek, mynasyp nesli kemala getirmek, ilki bilen maşgaladan, soňra bolsa çagalar bagyndan başlanýar. Eýjejik kalplary ene süýdi dek päkize körpelere terbiýe bermegiň jogapkärçiligine oňat düşünýän Mary şäherindäki 16-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçileri agzybirlik bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Ady agzalan bakja-bagyna 7 ýyl bäri bir egne Ogulmeýrem Muhammedowa ýolbaşçylyk edip gelýär.
Ogulmeýrem Muhammedowanyň yhlasly zähmeti özüniň oňyn netijesini berýär. Has takygy, ol geçen — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda “Iň gowy çagalar bagynyň müdiri” atly bäsleşiginiň şäher tapgyrynda ýeňiş gazandy. Üstümizdäki “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bolsa ol bu bäsleşigiň welaýat tapgyrynda baş baýraga mynasyp boldy.