Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

10 Aprel 2024
217

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Oraza baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlarydyr telegrammalar gelip gowuşýar.

Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hatlarynda ähli musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan bu baýramyň kalp arassalygyny, rehimdarlygy we adamzadyň ruhy kämillige tarap meýillerini alamatlandyrýandygyny belleýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten Oraza baýramy milli bitewüligimizi, jebisligimizi, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýar. Gutlaglary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu nurana baýram bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.

(TDH)
Beýleki habarlar