Hepdäniň wakalary gysga setirlerde

9 Aprel 2024
178

3-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan sergini synlamaga bardy. Bu ýerde ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümleriň we telekeçileriň harytlarynyň, öndürýän önümleriniň dürli görnüşleri hem-de hyzmatlary hödürlenildi.

Gahryman Arkadagymyz sergide türkmen telekeçileriniň öndürýän önümlerini yzygiderlikde synlamak bilen, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän önümçiligi geljekde has-da artdyrmak, oňa täzeçil tehnologiýalary, döwrebap usullary ornaşdyrmak meselelerine üns berilmelidigini belläp, şeýlelikde hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, özara tejribe alyşmagyň ähmiýetlidigini nygtady.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar