Çagalar bagymyzda «Matematika we sowat öwretmek sapaklarynda öwrediji oýunlardan peýdalanmagyň usullary» diýen mowzuk esasynda usuly maslahat geçirildi. Oňa etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, çagalar baglarynyň müdirleri we terbiýeçileri gatnaşdylar.
Usuly maslahatyň dowamynda ýaş nesle sowat öwretmegiň we bilim bermegiň ilkinji basgançaklarynda alnyp barylýan işler seljerildi. Terbiýeçiler öz iş tejribelerine daýanyp, sapaklary milli we döwrebap ruhda alyp barmak boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Myhmanlar çagalar bagynda körpeler bilen matematika we iňlis dili sapaklarynyň geçirilişini hem synladylar. Körpeleriň ýerine ýetiren çykyşlary, hereketli oýunlary usuly maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şeýle-de terbiýeçiler mekdebe çenli bilim edaralarynda çagalara türkmen milli oýunlaryny öwretmegiň usullary we ähmiýeti dogrusynda hem gürrüň berdiler.