Zehin zehinden zyýada

4 Aprel 2024
499

Welaýatymyzyň mekdep okuwçylary Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty tarapyndan fizika we matematika dersleri boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri boldular.

Orta mekdepleriň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda yglan edilen bäsleşikde fizika dersi boýunça Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Döwlet Sultanow bilen Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky 14-nji orta mekdebiniň okuwçysy Derkar Abdyrahmanow ikinji orny eýelediler. Şunda türkmenabatly okuwçynyň mümkin bolan 50 utukdan 37, halaçly ýaş zehiniň bolsa 30 utuk toplap bilendiklerini aýtmak gerek.

Beýleki habarlar