Türkmenistan — Täjigistan: hoşniýetli gatnaşyklary ilerledip

4 Aprel 2024
391

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýyklykda, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrýan parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeler yzygiderli ösdürilýär. Dünýä ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Ýurdumyz bilen işjeň, köpugurly gatnaşyk saklaýan döwletleriň biri hem Täjigistan Respublikasydyr.

Türkmen we täjik halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary birleşdirýär. Biziň ýurtlarymyzyň giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygy dostlugyň, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesini aýdyň görkezýär. Dürli ýyllarda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmegi döwletara gatnaşyklaryň ygtybarly hukuk binýadyny emele getirdi.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar