Milli buýsanjymyzyň ylham çeşmesi

3 Aprel 2024
306

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 2-nji aprelinde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby dünýäniň ekerançylyk medeniýetiniň mekany bolan gadymy Änew şäheri, taryhyň iň ähmiýetli sahypalary hakyndaky söhbetleriň jemidir, şonuň bilen birlikde milli buýsanjymyzyň ylham çeşmesidir.

Taryhyň beýikligi häzirki zaman dünýäsindäki garaýyşlaryň esasynda ýüze çykýar. Döwlet Baştutanymyz täze kitabynda: «Garaşsyz Watanymyzyň taryhynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň ösüşiniň hem galkynyşlara beslenmegi alyp barýan işlerimiziň netijesini mälim eder diýip ynanýaryn. Änew ýaly gadymy mekany, Magtymguly Pyragy ýaly akyldary, ussat şahyry bolan halkyň medeniýetiniň bolsa adamzat medeniýetiniň ösüşlerinde uly paýynyň bardygy ikuçsuz hakykatdyr. Biz öz taryhymyza guwanýarys. Şol taryhyň häzirki zamanyň ruhy-medeni gurşawynyň kemala gelmeginde düýpli esas bolýandygyny hem ynamly ykrar edýäris» diýip belleýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdy, Gahryman Arkadagy, Arkadagly Gahryman Serdary, şöhratly geçmiş taryhy, dünýä belli Magtymguly Pyragy ýaly akyldary, ýelden ýüwrük ahalteke bedew aty, wepaly alabaýy, olary wasp edýän saýrak dutary, asal zybany we dünýä belli beýleki maddy we maddy däl medeni gymmatlyklary bolan türkmen halky, sözüň doly manysynda, iň ýokary derejede juda bagtly milletdir. Geljege barýan nurly ýolumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan kitaplary, öwüt-ündewleri, nusgalyk göreldeleri bize baky şamçyragdyr.

«Esger».
Beýleki habarlar