Pakistan-Türkmenistan: üstaşyr söwda ylalaşygyna gol çekilmegi meýilleşdirilýär

3 Aprel 2024
353

Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atajan Möwlamow 2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde Aiwan-e-Sadr köşgünde Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda Pakistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin Türkmenistan bilen üstaşyr söwda ylalaşygynyň ýakyn wagtda gol çekilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň başynda ilçi Atajan Möwlamow Pakistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýurduň Prezidenti wezipesine ikinji gezek saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Beýleki habarlar