Baş baýlygyň goragynda

3 Aprel 2024
408

Garaşsyz ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda bu möhüm ulgamyň düzümini öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmek, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek babatda öňdebaryjy tejribeler giňden ulanylyp, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, hili yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Kabul edilen döwlet maksatnamalary, hususan-da, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasy esasynda paýtagtymyzda we welaýatlarda häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, şypahanalar, ýerli çig mallardan derman serişdelerini öndürýän döwrebap kärhanalar, ylmy-kliniki merkezler, saglyk öýleri gurulýar. Aziýanyň we Ýewropanyň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlykda lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Gazanylýan üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ulgamda binýady goýlan döwlet syýasatynyň ajaýyp miweleridir.

Sapargül TIRKEŞOWA,
Aşgabat şäherindäki 10-njy saglyk öýüniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar