Sagdynlygyň mekanydyr gül Diýar

2 Aprel 2024
486

Halkymyzyň paýhas çeşmesi bolan nakyllaryň, atalar sözüniň manysyny tirseň-de, dünýä akyldarlarynyň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň pähim-parasadyna, pent-nesihatyna köňlüňde orun berseň-de, ömür hem-de durmuş ýoly mekdep bolan ak sakgally ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň manyly, maňyzly gürrüňlerini, tymsallaryny diňleseňem, bir durmuş hakykatyna — her bir ynsan üçin saglykdan gymmatly zadyň ýokdugyna, ony hemişe goramalydygyna magat göz ýetirýärsiň. Ömür menzilimizde durmuş mekdebi saglyk bilen baglanyşykly ýene-de köp zady öwredýär.

Hawa, türkmen halk nakyllarynda aýdylyşy ýaly, saglyk — baýlyk, saglygymyz — başymyzyň täji. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň şahyrana dili bilen aýdylanda bolsa, saglyk «hasta bolmasdan burun» gadry bilinmeli närse. Bu paýhas dürdäneleri döwrüne, döwletine garamazdan, ähli ynsanlara degişli. Muňa Bütindünýä saglyk gününiň halkara derejesinde bellenilmeginiň mysalynda hem, ýurdumyzyň saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek we ösdürmek, bu ugurlarda kämil hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly işlere döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garalýandygynyň hem-de uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar.

Tirkeş MÄMMEDOW,
«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar