Döredijilikli pikirleriň meýdançasy

1 Aprel 2024
429

Soňky birnäçe günüň dowamynda ýurdumyzda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreler giň gerim aldy. «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda bolan köpöwüşginli konsert, «Gadymy Änew medeniýeti», «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly maslahatlar bilen birlikde, paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahaty hem döwletimiziň şöhratly geçmişine, häzirki gazanýan üstünliklerine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekde nobatdaky ajaýyp mümkinçilik boldy.

Häzirki döwürde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri syýasaty wagyz etmegiň möhüm guralyna öwrülmek bilen, olaryň medeni diplomatiýadaky, döwletlerdir halklary ýakynlaşdyrmakdaky ähmiýeti hem barha artýar. Şunda köpçülige medeni-ruhy däplerdir gymmatlyklar barada habar bermek wezipesi-de örboýuna galýar. Çünki hut medeniýet we medeni miras islendik halkyň aýratynlyklaryny içgin öwrenmäge, adamlaryň ýüregine barýan inçe ýoly tapmaga ýardam edýän özboluşly köpri bolup durýar. Gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan çäreler bolsa geçmişiň nukdaýnazaryndan şu günki ösüşler, geljekki meýiller barada pikir öwürmäge, şöhratly türkmen topragynda amala aşyrylýan özgertmeleriň, aýry-aýry ugurlar boýunça döwlet syýasatynyň many-mazmunyny giňden açyp görkezmäge mümkinçilik döretdi. 15-e golaý ýurtdan iri habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 100 töweregi wekilini bir meýdança jemlän metbugat maslahatynda hem şular barada aýdylyp, dünýäniň maglumat giňişliginiň häzirki meýilleri, žurnalistikanyň köpçülik bilen aragatnaşyk saklamagynyň täze usullarydyr ugurlary, sanly eýýamda media işini özgertmek, maglumat akymlaryny baýlaşdyrmakda we ynsanperwerleşdirmekde medeni mirasyň orny ýaly meselelere aýratyn üns çekildi. Hususan-da, Ýewropa ýurtlarynyň Teleradioýaýlymlar birleşiginiň akademiýasynyň menejeri Frederik Fransyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Habarlar agentlikleriniň birleşiginiň baş direktory Alýami Mohammadyň, «New Media Networks» sanly platformasyny esaslandyryjy Akim Mogajiniň çykyşlarynda türkmen topragyna gadymy medeniýetleriň ojagy hökmünde baha berlip, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini wagyz etmek babatda hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar