Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

30 Mart 2024
257

29-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda günäsini geçýäris. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirýäris diýip belledi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar