Ene toprak — bereket çeşmesi

29 Mart 2024
264

25-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynyň özenini hem ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky maglumatlar düzdi. Bellenilişi ýaly, gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmek maksady bilen, ekiş möwsüminde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary netijeli işletmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

«Nesil».
Beýleki habarlar