Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: gatnaşyklar täze derejä çykarylýar

29 Mart 2024
459

27-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meselelere gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory Hoň Hýon Soň Gahryman Arkadagymyza Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň we Türkmen-koreý dostluk toparynyň koreý tarapynyň ýolbaşçysynyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýokary derejede, şeýle hem Hökümetara, pudagara derejelerdäki saparlar, gepleşiklerdir duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyna kuwwatly itergi berýär.

"Nesil".
Beýleki habarlar