«Kompozitor» — täze film

29 Mart 2024
544

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň 3 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi «Kompozitor» atly doly göwrümli çeper filmi surata düşürdi. Filmiň surata düşürilmegine haýyr-sahawat gaznasy ýakyndan ýardam berdi. Onda ýaş kompozitoryň tebigy zehini, çagalyk döwründen ýigitligine çenli ýazan sazlary we başdan geçirmeleri barada täsin wakalar gürrüň berilýär.

Täze filme 2024-nji ýylyň 30-njy martynda, «Watan» habarlar gepleşiginiň 21:00-daky goýberilişinden soňra, «Altyn asyr», «Türkmenistan», «Ýaşlyk», «Miras», «Türkmen owazy», «Aşgabat» hem-de «Arkadag» teleýaýlymlary arkaly tomaşa edip bilersiňiz.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar