Ýagty geljegiň güwäsi

28 Mart 2024
619

27-nji martda Änew şäheriniň Medeniýet öýünde «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan guralan wekilçilikli maslahata dünýäniň onlarça döwletlerinden meşhur taryhçylar, arheologlar, etnograflar, Gündogary öwrenijiler, belli professorlar, ýaş alymlar, şeýle hem daşary ýurtlaryň, muzeýleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynda beýan edilýän anyk taryhy maglumatlar hem onuň ylmy subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edendigi baradaky taryhy maglumatlary täsirli beýan edýär.

Aýşat GÖJENOWA,
Ahal welaýat kazyýetiniň maslahatçysy.
Beýleki habarlar