Magtymgulynyň sahna keşbini ilkinji janlandyran

28 Mart 2024
653

Düýn paýtagtymyzda Türkmenistanyň halk artisti, türkmen milli teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri Aman Gulmämmedowyň öý muzeýi açyldy. Bu çärä ussat dramaturgyň şägirtleridir teatr artistleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Arkadag şäherinde gurlup ulanmaga berlen döwlet drama teatryna ussat artist, režissýor, dramaturg Aman Gulmämmedowyň ady dakyldy.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty. Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
Beýleki habarlar