Medeniýet — dostluk köprüsi

27 Mart 2024
346

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygynyň ugurlary artýar, mazmuny baýlaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ulgamy hem yzygiderli ösdürilip, bu ugurda alnyp barylýan işler barha giň gerime eýe bolýar. Halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy medeniýet we sungat, ylym we bilim, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, neşirýat, muzeý, kitaphana we arhiw işi, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary öz içine alýar.

Mälim bolşy ýaly, TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen 39-njy mejlisinde Türkmenistanyň Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek barada çözgüt kabul edildi. Munuň özi häzirki wagtda ýurdumyzyň baý ruhy, medeni we döredijilik mirasy bolan döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem, bu mejlisde 2024-nji ýyl Türki döwletleriň halkara guramasy tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Bu bolsa öz eserlerinde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgelerini wasp eden türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyryna bolan belent hormat-sarpanyň nyşanydyr.

Gültäç ATAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar