Änew: Joşgunly dabaralaryň ýalkymy

27 Mart 2024
363

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:
— Häzirki wagtda ýurdumyzyň Änew şäheri barha pajarlap ösýär, bu ýerde medeni-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurulýar.

26-njy martda Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Baýramçylyk öwüşginlerine beslenen «Nowruz ýaýlasynda» guralan köpöwüşginli dabaralara Hökümet agzalary, «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahata, «Türkmen topragy — gadymy siwilizasiýalaryň merkezi» atly metbugat maslahatyna, «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin eziz Watanymyza gelen daşary ýurtly myhmanlar, pudaklaýyn dolandyryş ulgamynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar