Sungata söýgi döredýäris

27 Mart 2024
396

Bagtyýarlyga beslenýän ajaýyp günlerimizde medeniýetimiz, sungatymyz gülläp ösýär. Ýaşlaryň sungatyň islendik ugrundan kämil bilim almaklary, ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ajaýyp şertler döredilýär. Ýurdumyzda zehinli ýaşlary özünde jemleýän medeni merkezleriň, çagalar sungat we ýörite sungat mekdepleriniň hereket edýändigi aýratyn guwandyryjydyr. Olarda ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak, ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, hünär ussatlyklaryny artdyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy bellärliklidir.

Mekdebimizde ussat halypalaryň tagallasy bilen çagalara milli hem-de nusgawy sungat eserleriniň özboluşly aýratynlyklaryndan sapak berilýär. Bu bolsa milli sungatymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bilim we hünär derejesiniň kämil bolmagyna ýardam berýär. Mukaddes ene hüwdüsi bilen terbiýelenip, bagtly günleriň gujagynda ösüp-ulalýan nesillerimiziň sungatyň dürli ugurlaryna bolan söýgüsi, yhlasy bizi hasam buýsandyrýar.

Güljemile Baýramowa,
Balkanabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň tans mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar