Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi

25 Mart 2024
556

Ýaňy–ýakynda Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçiren mejlisinde bellän möhletlerine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 20-nji martda gowaça ekişine başladylar. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bolsa bu möwsüme 27-nji martda girişerler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, ekiş möwsümi ýurdumyzyň welaýatlarynda birbada badalga aldy.

Güneşli ülkämizde sahawatly türkmen topragyndan bol hasyl öndürýän daýhanlarymyzyň halal zähmet çekmegine ähli mümkinçilikler döredilýär. 

«Diýar»
Beýleki habarlar