Möhüm möwsüme badalga

25 Mart 2024
555

Mary welaýatynyň pagtaçylary şu ýyl 162 müň gektar meýdandan «ak altynyň» 359 müň tonnasyny ýygnap, döwlete tabşyrmagy maksat edinýärler. Şoňa görä-de olar ýaz ekişini bökdençsiz we agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin zerur bolan tagallalary etdiler.

Welaýat, etrap häkimleriniň, olaryň oba hojalyk boýunça orunbasarlarynyň, häkimlikleriň beýleki jogapkär işgärleriniň, tehniki hyzmat ediş kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, geňeşlikleriň arçynlarynyň, daýhan birleşikleriniň başlyklarynyň, tejribeli kärendeçileriň we beýlekileriň gatnaşmagynda Geňeş maslahaty geçirildi. Onda gowaça ekişine guramaçylykly girişmekde, ony agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýokary hilli alyp barmakda we wagtynda tamamlamakda öňde durýan möhüm wezipeler hakynda giňişleýin gürrüň edildi.

Kakajan DURDYÝEW,
TKA-nyň Mary etrap birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar