Zehin zehinden zyýada. Gahryman Arkadagymyzyň: «Zehinli adamlar Watanymyzyň ezizleridir. Zehini açmak bolsa eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän döwletli işlerde birjik-de ünsden düşürilmeýän wezipedir» diýen sözlerinden, hormatly Prezidentimiziň uly ynamyndan ugur alyp, täze taryhy döwrümizde ýaş nesillerimiz özleriniň zehinini, ukyp-başarnyklaryny hemmetaraplaýyn açyp görkezip, dürli bäsleşiklerde, halkara olimpiadalarda, sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler. Paýtagtymyzdaky Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçysy Begenç Wepaýew hem şeýle zehinli ýaşlaryň biridir.
Ol häzirki wagtda bu mekdebiň 11-nji synpynda okaýar. Begenç, aýratyn hem, taryh we geografiýa dersleri bilen içgin gyzyklanýar. Bu ugurda ol birnäçe halkara derejeli üstünlikleri hem gazandy.