Dilleri öwrenmäge höwesli körpeler

25 Mart 2024
392

Ýakynda Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmagyň» iş meýilnamasynyň çäklerinde şäheriň 114-nji çagalar bakja-bagynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleriniň gatnaşmagynda usuly-amaly okuw geçirildi. Usuly-amaly okuwda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda körpe nesil hakynda edilýän aladalar, ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylýan beýik ösüşler, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek we daşary ýurt dillerini öwretmegiň usullaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler babatda pikir alşyldy. Şeýle hem döwrebap innowasion tehnologiýalardan, öňdebaryjy işjeň öwreniş usullaryndan netijeli peýdalanmagyň ýollary, çagalaryň tebigy zehinlerini we daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höweslerini, dil başarnyklaryny ösdüriji gurnaklaryň işini ýola goýmagyň usullary babatda täsirli çykyşlar boldy.

Mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, okuw-terbiýeçilik işiniň üns merkezinde bolmagy «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» görkezilen wezipeleri okuw işine ornaşdyrmaga we ony ýerine ýetirmegiň iş meýilnamasynda bellenilen çäreleriň has-da ilerlemegine badalga berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle milli ruhda, dünýä ülňülerine laýyklykda çagalaryň terbiýeli, bilimli bolup ýetişmegi ugrunda maksatnamalaýyn işleriň uly toplumy şäherimiziň çagalar bakja-baglarynda yzygiderli alnyp barylýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň innowasion usullaryny işe ornaşdyrmak maksady bilen, çagalar bakja-baglarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak işi yzygiderli dowam etdirilýär.

Baýramgözel Öwezowa,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary edaralar bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar