Daýhan yhlasly — toprak bereketli

22 Mart 2024
480

Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy

Pagtaçylyk daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän esasy pudaklaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçiren mejlisinde bellän möhletlerine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 20-nji martda gowaça ekişine başladylar. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bolsa bu möwsüme 27-nji martda girişerler.

Batyrmuhammet AMANMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar