Berekediň egsilmesin, topragym!

22 Mart 2024
633

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi, il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen gowaça ekişine girişen Balkan welaýatynyň pagtaçy daýhanlary möwsümde kuwwatly traktorlara tirkelen ekijileriň 30-syny bökdençsiz işlederler. Olaryň saz işlemegi üçin önümçilik birleşiginde döredilen tehniki taýdan hyzmat ediş toparlarynyň 19-sy möwsümiň dowamynda ekin meýdanlarynda bolar. Sebit boýunça gowaça ekiljek 13 müň gektar meýdanda kuwwatly traktorlaryň 140-sy bilen sürüm, 125-si bilen tekizlemedir keş çekmek işleri öz wagtynda we agrotehniki talaplara laýyklykda geçirildi. Ekin ýerlerine barýan suwaryş ulgamlary irgözinden arassalanyp, zerur gowaça tohumy hem ýeterlik möçberde jemlendi. Möwsümde gowaçanyň ozal synagdan geçen «Ýolöten — 7», «Jeýhun» we «S-2606» tohumlary ekiler. Bu işler balkanly daýhanlaryň şu ýyl pagtanyň 16 müň tonnasyny ýygnamak baradaky meýilnamalaryny artygy bilen berjaý etjekdiklerine ynam döredýär.

Gowaça ekişine Gyzylarbat etrabynyň «Batly gadam» hususy daýhan hojalygynda badalga berildi. Baýramçylyk dabarasynda welaýatyň etrapdyr şäherlerinden gelen medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Şamyrat AKMÄMMEDOW,
TDP-niň Gyzylarbat etrap komitetiniň başlygy, Balkan welaýat halk maslahatynyň agzasy.
Beýleki habarlar