Döwrebap tehniki hyzmatlar

22 Mart 2024
558

Döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgam arkaly ýakynda geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işlerini toplumlaýyn esasda alyp barmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek üçin Daşoguz welaýatynda hem işler depginli alnyp barylýar. Häzirki wagtda demirgazyk sebitiň bugdaý ekilen meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, şu ýylyň hasyly üçin gowaça, ýazlyk ýeralma hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini tekizlemek, ýuwuş suwuny tutmak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Dürli görnüşli kuwwatly tehnikalaryň sazlaşykly hem bökdençsiz işledilmegi möwsümi bellenilen möhletlerde geçirmäge mümkinçilik berer. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak işleri hem talabalaýyk ýerine ýetirilýär. Möhüm möwsüme guramaçylykly taýýarlyk görülýän häzirki günlerde welaýat merkezindäki motor-abatlaýyş zawodynyň ähli önümçilik bölümlerinde dürli görnüşli iş gurallaryny öndürmek babatda-da netijeli işler ýola goýuldy.

Welaýatyň oba hojalyk önümçiliginiň tehniki üpjünçiliginde mynasyp orun eýeleýän bu kärhanada taýýarlanylýan önümleriň möçberi, edilýän hyzmatlaryň we işleriň görnüşi ep-esli artdy. Bu ýerde tejribeli ussalaryň, ezber işçileriň 50-den gowragy zähmet çekýär. Olar eýýäm gyş döwründe oba hojalyk tehnikalaryny we dürli görnüşli iş gurallaryny düýpli abatlamak hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamak işlerini göwnejaý alyp bardylar.

Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar