welaýatymyzda gowaça ekişine guramaçylykly girişildi
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň 15-nji martynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde jogapkärli oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişine başlamaga ak pata bermegi welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçilerini hem joşgunly zähmete ruhlandyrdy. Şeýle zähmet joşguny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň gowaça ekişine ýokary guramaçylykly girişilmeginde aýdyň ýüze çykdy.