Şanly ýylyň batly gadamlary

20 Mart 2024
549

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» kabul etmek bilen, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, täze kärhanalary gurup işe girizmek, müňlerçe täze iş orunlaryny döretmek boýunça belent maksatlary öňümizde goýduk» diýip belleýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyna, hususan-da, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine möhüm orun degişlidir. Şol maksat bilen döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda şu ýylyň 13-nji martynda Köýtendag etrabynda ýylda bir million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry ulanmaga berildi hem-de ol halkara güwänamasyna mynasyp boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy, başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan maksatnamalar häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek ýoluny saýlap alan Türkmenistanda bu ugurda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilip, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalarynyň gurluşygyna, önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagyna, ýerli çig malyň esasynda ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

«Esger».
Beýleki habarlar