Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýar ösüşlere beslenýär
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda belent üstünlikler gazanylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini üpjün edýär, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterýär. Şunda ykdysady ösüşlere goşant goşýan pudaklaryň aýratyn orny bardyr. Çünki ýurdumyzyň pudaklarynda täze önümçilikler ýola goýlup, belent maksatlara ýetmegiň ýollary işlenip taýýarlanylýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde amala aşyrylýan işleriň ýokarydygyny aýdyň görkezýär.