2022-nji ýylda esaslandyrylan, ýakynda 15 million amerikan dollary möçberinde maýa goýum çeken ABŞ-nyň «Interlune» kompaniýasy Aýda geliý-3 gazyp almagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň degişli wekilleriniň habar bermegine görä, «Interlune» 2026-njy ýylda regoliti gazyp alar. Aýda ornaşdyrmagy göz öňüne tutýan ýörite enjamynyň kömegi bilen bolsa regoliti gaýtadan işläp, geliý-3 öndürer. 2028-nji ýylda bolsa kompaniýa Ýeriň emeli hemrasynda ilkinji tebigy baýlyk çykarýan zawodyny gurar. Şeýlelikde, 2030-njy ýylda kompaniýa geliý-3 elementini Ýere ugradyp başlamagy meýilleşdirýär.