Ýurduň 2025-nji ýyl üçin býujet taslamasynda olar tarapyndan sarp edilýän elektrik energiýasy üçin 30 göterimlik salgyt barada punkt peýda boldy.
Häkimiýetler kriptowalýuta maýninginiň ekologiýa ýaramaz täsiri barada alada edýärler. Bu ýagdaý maşynlaryň prosessorlaryna güýçli agram salýar, bu hem elektrik energiýasynyň köp sarp edilmegine (ol sowadyş ulgamy üçin hem harçlanýar), bug gazlarynyň atmosfera zyňylmagyna we daşky gurşawyň hapalanmagyna sebäp bolýar.