Ýeňişli ýoluň uly geljegi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny zähmet ýeňişleri bilen şöhratlandyrýan türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda abadan ertirine barýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady we medeni taýdan depginli ösdürmegiň Maksatnamalaryny üstünlikli amal etmekde tutumly işler bitirilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça depginli ösdürilmeginde döwlete dahylsyz çygryň--hususyýetçiligiň saldamly goşandyny ýatlamak guwanjymyzy goşalandyrýar.