«Comex» gazna biržasynda altynyň bir unsiýasynyň bahasy 2161 amerikan dollaryna çenli gymmatlady. Degişli hünärmenler gymmatbahaly metalyň bahasynyň ýokarlanmagyny häzirki wagtda dowam edýän geosyýasy wakalar, hümmetsizlenme hem-de global gämi gatnawyndaky bökdençlikler bilen baglanyşdyrýarlar.
Geosyýasy wakalar sebäpli ýüze çykýan dünýädäki durnuksyzlyk ilatyň altyna bolan islegini güýçlendirýär. ABŞ-da hem-de Ýewropa Bileleşiginde bahalaryň gymmatlamagy maýadarlaryň altyna bolan islegini has-da artdyrýar.