Gatnaşyklara çaýylan nur

7 Mart 2024
785

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly dünýäniň ähli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Esasan hem goňşy döwletler, şol sanda köpasyrlyk dostlukly däp-dessurlar we taryhy-medeni umumylyklary baglanyşdyrýan owgan halky bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Iki ýurduň dürli derejedäki wekiliýetleriniň amala aşyrýan iş saparlary, geçirilýän döwlet ähmiýetli maslahatlar, gepleşikler hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine köp babatda ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan mundan beýläk-de Owganystanyň ykdysadyýetini hem-de durmuş düzümlerini dikeltmäge gönükdirilen anyk ädimleri äder. Türkmenistan Owganystanyň syýasy-ykdysady durnuklylygyna, goňşy doganlyk halkyň abadançylygyna we bitewüligine uly gyzyklanma bildirýär. Ýurdumyzyň üýtgewsiz garaýşy ýeňillikli esasda elektrik energiýasynyň we suwuklandyrylan gazyň iberilmeginde, durmuş maksatly desgalary gurmakda, hünärmenleri taýýarlamakda berilýän ýakyn goldawda hem aýdyň ýüze çykýar.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar