Türkmenistanda ekologiýa ulgamynda sebit hyzmatdaşlygy boýunça ÝHHG-niň forumy geçirildi

5 Mart 2024
302

Aşgabat, 4-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi.

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de abraýly halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen uzak möhletleýin gatnaşyklar ulgamlaýyn hem toplumlaýyn häsiýete eýedir. Aşgabatda şeýle derejedäki duşuşygyň geçirilmegi-de ýurdumyzyň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen köptaraplaýyn dialoga açykdygyny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Beýleki habarlar