Beýik Seljuk döwletiniň görnükli zenanlary

4 Mart 2024
1289

Halkymyz asyrlarboýy zenan maşgalalaryny ezizläp, olara uly hormat goýup gelýär. Bu hakykata taryhda yz galdyran görnükli türkmen zenanlarynyň mysalynda hem şaýat bolýarys. Biz hem şu makalamyzda taryhy çeşmelere we edebiýatlara salgylanyp, şöhratly taryhymyzyň buýsanjy — Beýik Seljuk türkmen döwletinde ähmiýetli orna eýe bolan meşhur zenanlar baradaky maglumatlary okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Türkmenlerde zenan sarpasy nesilbaşymyz Oguz han zamanasyndan gözbaş alýar. Şol döwürlere degişli taryhy çeşmeler seljerilende, zenan mertebesiniň belentde tutulandygyna, türkmen zenanlarynyň maşgala ojagyna wepaly bolandyklaryna, olara jemgyýetde erkekler bilen deň derejede garalandygyna göz ýetirmek bolýar. Oguz dessurlaryny özlerine ýörelge edinen seljuklarda hem zenanlaryň giň hukuklary bolupdyr. Taryhy çeşmelerde seljuk şazenanlarynyň ilçileri kabul etmek, giň mülk ýerlerine eýeçilik etmek, zerur halatynda özlerine degişli gorag maksatly goşuny döretmek, mirasdüşer şazadany bellemek ýaly mümkinçiliklere eýe bolandyklary bellenilýär.

Aziz HASANOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, maýor.
Beýleki habarlar