Bagtyýar durmuşyň möhüm şerti

28 Fewral 2024
1006

Durmuşymyzyň bagtyýar bolmagynyň düýp manysy sagdynlykda jemlenýär. Bu barada ençeme pähimleri döreden pederlerimiz sagdynlyk ýörelgelerine asyrlar boýy ygrarly bolup gelipdirler. Halkymyz pederlerimizden miras bolup gelýän sagdynlygy, ruhubelentligi bu günki gün özüniň mizemez durmuş ýörelgesine öwürdi. Bu hakykat ýurdumyzda raýatlaryň bagtyýar hem-de sagdyn durmuşy bilen baglylykda alnyp barylýan işlerde aýdyň görünýär.

Ajaýyp zamanada ruhubelent, sagdyn ýaşlaryň jemgyýetiň ösüşine saldamly goşant goşmagy bilen, her bir ulgamda özgerişler peýda bolýar, öňegidişlikler gazanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýaş nesliň okamagy, dynç almagy, saglygyny berkitmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda kanunçylyk-hukuk binýady milli tejribeler esasynda berkidilýär.

Almatäç Mätiýewa,
Bereket etrap bilim bölüminiň baş usulyýetçisi, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar