Gadymy medeniýetiň ojagy

28 Fewral 2024
1369

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň taryhyny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny öwrenmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Biziň topragymyzyň her bir daban ýeri ylmy barlaglar üçin gymmatly çeşme bolmak bilen, ýene-de näçe täsinlikleri özünde jemleýändigi doly mälim däl». Dogrudan-da, geçmiş taryhymyzyň açylmadyk syrly sahypalary örän köpdür.

Gadymy medeni ojaklaryň biri hasaplanylýan Änew medeniýeti özüniň baý taryhy bilen dünýä alymlarynyň ünsüni çekip gelipdir. XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň başlarynda sowet hem-de daşary ýurtly alymlar gadymy Änewi öwrenmäge girişýärler. Änew depesinde ilkinji bolup 1886-njy ýylda rus generaly A.Komarow Aşgabat garnizonynyň esgerleri bilen gadymy ýadygärligiň taryhyny öwrenmäge girişýär. Onuň Änewde geçiren gazuw-agtaryş işleri barada 1888-nji ýylda Sankt-Peterburgda Russiýa geografiýa jemgyýetiniň Gündogar bölüminde eden ylmy çykyşynyň beýany gysgaldylan görnüşinde şol ýyl «Nowosti» gazetinde, Türküstan general-gubernatorynyň «Turkestanskiýe wedomosti» gazetinde çap edilýär. A.Komarowyň hasabatyndaky görkezilen taryhy ýadygärlikleri öwrenmek maksady bilen alymlaryň ýörite arheologik gözleg topary döredilýär. Oňa B.Žukowskiý ýolbaşçy edilip bellenilýär. Eýýäm şol wagtlarda hut şu meselede halkara taslamanyň çäklerinde Amerikanyň Karnegi institutynyň professory R.Pampelli Köpetdag sebitinde durmuş-medeni jähetden Änew medeniýetiniň döreýşi we ösüşi baradaky öz pikirini öňe sürüp, ol ýerde arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirmegi maksat edinýär. Alym R.Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýa tarapyndan Köpetdagyň dag etegi zolagynda ýerleşýän Änewde we Mary sebitlerinde arheologik ylmy-barlag işi amala aşyrylýar. Oňa professor W.Dewis, kömekçiler Ý.Hentington we R.Pampelliniň ogly W.Pampelli gatnaşýar. Bu alymlar 1903-nji ýyldaky ekspedisiýada diňe türkmen topragy bilen tanyş bolmagy maksat edinipdirler. 1904-nji ýylda Änew depeleriniň ikisinde gazuw-agtaryş işleri geçirilýär. Alnyp barlan gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri baradaky makala «Ashabad» gazetiniň şol ýylyň 8-nji maýyndaky sanynda çap edilýär. Onda amerikan geology R.Pampelliniň Änewde geçiren gazuw-agtaryş işleri mahalynda ýüze çykaran tapyndylarynyň bir bölegini Zakaspiý oblast muzeýine tabşyrandygy barada habar berilýär. Şol taryhy tapyndylaryň içinde ak bugdaýyň we arpa däneleriniň bolmagy Änewiň iňňän baý taryhynyň, medeniýetiniň bolandygyny tassyklaýar. R.Pampelli tarapyndan edilen bu açyşlaryň b.e. öňki V müňýyllyga degişlidigi subut edilýär. Maglumatlar Änewiň ilatynyň ekerançylyk bilen meşgul bolup, däneli ösümlikleri ösdürip ýetişdirip, olardan bol hasyl alandyklaryna şaýatlyk edýär. Bu ekspedisiýanyň gözlegleriniň netijesinde medeni gatlaklaryň ikisiniň bardygy ýüze çykarylýar. Eneolit we bürünç eýýamlarynda Köpetdagyň dag etek zolagynda ýaşaýyş medeniýetiniň bolandygy bellenilýär. Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan, bu iki döwre şaýatlyk edýän dürli görnüşli tapyndylar ylmy nukdaýnazardan öwrenilýär. Has irki döwür bilen senelendirilýän tapyndylar paleoantropologik maglumatlara degişlidir. Änew ýadygärliginiň aşaky gatlaklaryndan tapylan süňkler belli italýan antropology, professor Juzeppe Serži tarapyndan öwrenilýär we onuň ylmy barlaglarynyň netijeleri 1908-nji ýylda Waşingtonda neşir edilýär.

Aýnabat BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar