Belent hormatyň eýeleri

27 Fewral 2024
604

Hormatly Prezidentimiziň Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda çözgüdi kabul etmegi berkarar döwletiň gelin-gyzlary hökmünde ählimizi uly şatlyga besledi.

Baharyň ilkinji baýramynda her ýyl aýal-gyzlarymyzy baýramçylyk sowgady bilen begendirmek döwletli Diýarymyzda asylly däbe öwrüldi. Bu däp gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan alyp gaýdýar. Asylly däbiň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan hem dowam etdirilmegi zenanlarymyza goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

Şeker BABALYÝEWA,
Saýat etrabyndaky 29-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
Beýleki habarlar