Programmaçy bolasym gelýär (Kim bolasyň gelýär?)

26 Fewral 2024
526

Enem şeýle bir ussatlyk bilen kilim dokardy. Ene-mamalarymyzyň döreden bu ajaýyp mirasyna bolan höwesiň döremegine enemiň kilim baradaky berýän gürrüňleridir rowaýatlary sebäp boldy. Bu inçe sungat baradaky has giňişleýin maglumata internet çeşmelerinde hem gabat gelmedim. Şeýlelikde, mende ýene bir: programmaçy bolup, sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly milli mirasymyz bilen dünýä halklaryny tanyşdyrmak islegi döredi.

Diňe bir kilim dokamagy öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň döreýiş taryhy, gadymky nusgalary, türki halklardaky gabat gelýän görnüşleri, milli we sebitara nagyş aýratynlyklary, dokalyş usullary, gerekli serişdeleri we enjamlary, hatda «kilim» sözüniň gelip çykyşy barada oba adamlarynyň gürrüňleri, tejribeleri arkaly köp maglumatlary topladym. Bu işi has-da çuňlaşdyryp, içgin öwrenmek maksady bilen, mugallymyma ilkinji ylmy taslamamy teklip etdim hem-de onuň üstünde işläp başladym. Ýokarda agzalan aýratynlyklary, gelin-gyzlara kilim dokamagy ylmy nukdaýnazardan öwredýän programmanyň döredilmegini maksadalaýyk hasapladym hem-de bu işimi 10-11-nji synp mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän taslama bäsleşigine hödürledim. Taslamam etrap derejesinde 1-nji orna, welaýat derejesinde bolsa 2-nji orna mynasyp boldy. Mundan daşary, «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine hem biologiýa dersinden gatnaşdym.

Şahzoda BEKMURADOWA,
Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.
Beýleki habarlar