Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri: hoşniýetli hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerine daýanyp

22 Fewral 2024
537

Islendik iki ýurduň arasynda ýygy-ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmeginde geografik we taryhy taýdan ýakynlygyň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň meňzeşliginiň aýratyn ähmiýetiniň bardygy ykrar edilen hakykat. Şunda döwletleriň ýolbaşçylarynyň arasyndaky dostlugyň, özara ynanyşmagyň ýokary derejesiniň bilelikdäki hereketleri gadyrly gatnaşyklara öwürmäge ukyplydygyny hem durmuş tejribesi aýdyň görkezýär. Döwletleriň liderleri duşuşyp, ýürekdeş söhbet edende, millionlarça ynsanyň ykbalyna oňyn täsirini ýetirýän çözgütler kabul edilýär, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna giň ýol açylýar. Bu hakykat Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklara-da mahsusdyr.

«Türkmenistan üçin Birleşen Arap Emirlikleri ygtybarly hyzmatdaş, ýürekdeş dostdur. Taryh üçin uzak bolmadyk ýyllaryň dowamynda ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň tagallalarynyň, kähalatlarda bolsa şahsy dostlugynyň netijesinde iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda asylly däpler ýola goýuldy». Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda getirilýän şu jümleler türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň many-mazmunyny gysga sözlerde juda düşnükli açyp görkezýär. Hakykatdan-da, arap dünýäsiniň bu ösen ýurdy bilen hyzmatdaşlykda iň ýokary we ýokary derejede geçirilýän duşuşyklar, olaryň netijesinde gazanylýan ylalaşyklar kesgitleýji orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan dostlukly däpler dowam etdirilip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu günki gün has-da rowaçlandyrylýar. Ýokary derejeli gepleşikleriň çözgütlerini durmuşa geçirmegiň ýollary bolsa wekiliýetleriň özara yzygiderli saparlarynyň çäginde jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu günki gün Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň däp bolan ulgamlaryň çäginden çykyp, döwrüň talap edýän täze-täze ugurlary bilen mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyna diňe soňky käbir wakalaryň mysalynda-da anyk göz ýetirmek bolýar.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar