Asylly kärden adyganlar

15 Fewral 2024
700

Ýakynda, has takygy, 9-njy fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň maldarçylyk pudagy barada söz açmak bilen, möhüm resminama gol çekdi. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi döredildi. Indi maldarçylygy ylmy esasda içgin öwrenip, öňdebaryjy tejribä daýanmak bilen, ony döwrüň talabyna görä ösdürmek bu birleşigiň esasy wezipesi bolup durýar. Bu pudak bilen içgin gyzyklanyp durýan Gahryman Arkadagymyz her ýyl gyş paslynda maldarlaryň arasynda bolup, olaryň hal-ýagdaýlary, mallaryň önüm berşi, baş sanynyň artyşy bilen gyzyklanýar. Şeýlelikde, Milli Liderimiz bize Watanyňy söýmegiň, oňa guwanmagyň hakyky nusgasyny görkezýär. Uç-gyraksyz Garagum sährasy, onuň zer öwüşginli, gyrkylyk yzly çägelikleri we onda gizlenip ýatan nebitdir gazyň ummasyz uly gorlary — bularyň ählisi Watanymyzyň baýlyklary hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyz her gezek maldarlaryň arasyna gelende bular barada söz açmak bilen, çopan-çoluklara ata-babalarymyzyň dowardarçylygy ösdürmekde döreden milli ýörelgeleri, ulanan usullary barada diýseň täsirli gürrüňler berýär. Milli Liderimiz 2022-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Lebap welaýatyna iş sapary wagtynda Saýat etrabynyň «Ýeňiş» daýhan birleşiginiň düýe çopany Aýmyrat Paşşykowyň çopan goşunda bolupdy. Şonda «Düýe maly — dünýe maly» diýen paýhasly jümläni döreden halkymyzyň düýe malyna aýratyn gadyr goýýandygyny, düýe süýdüniň we ondan taýýarlanýan önümleriň durşuna derman-berhizlikdigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda düýeleriň baş sanyny köpeltmek boýunça ýörite tagallalaryň edilýändigine ünsi çekipdi. Hut şol tagallalar netijesinde, Lebap welaýatynda düýeleriň baş sany ýylsaýyn artýar. Häzirki wagtda welaýat boýunça olaryň baş sany 2302-ä ýetdi. Şolaryň 1050-si ene düýeler — arwanalardyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda olardan 472 köşek almak göz öňünde tutulýar. Düýe çopany Aýmyrat Paşşykow hem düýelerden önüm almak baradaky ähli meýilnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirdi.

Tejribeli sarwan Aýmyradyň ogly Ýazmyrat hem ýaşlygyndan düýeler bilen ysnyşdy. Olaryň häsiýetlerini öwrenip, düýe bakmagyň ähli tärlerini ele aldy. Şonuň üçin kakasy Ýazmyrada sürini arkaýyn ynanyp bilýär.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar