Hyzmatdaşlygyň netijeli guraly

14 Fewral 2024
487

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň çalt depginde ösdürilmegini maksat edinýän ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň öňe sürýän ulag diplomatiýasy netijesinde, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgelerini kemala getirmek ugrunda beýik işler amala aşyrylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagy esasynda 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Bu bolsa Türkmenistan döwletimiziň ulag ulgamynda amala aşyrýan beýik başlangyçlarynyň halkara derejesinde giň goldawa mynasyp bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Geçen ýyllara ýüzlenenimizde-de ýurdumyzyň başlangyjy boýunça, has takygy, 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilendigini bellemek gerek.

Gülnara GURBANOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap geňeşiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar