Tehnikalar taýýar edildi

14 Fewral 2024
511

Hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiş möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlykly barmak hem-de ony guramaçylykly geçirmek babatda berýän möhüm tabşyryklaryndan ugur alyp, Görogly etrabynyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň işçi-hünärmenleri öňdäki ekiş döwründe ulanyljak tehnikalary, olaryň iş gurallaryny gözden geçirmek, kemçiliklerini düzedip, birkemsiz abatlamak boýunça esasy çäreleri ýokary hilli ýerine ýetirdiler. Şonuň netijesinde, kärhanada sürüm, bejergi traktorlarynyň 100-e golaýy, gowaça ekijileriň 45-si, borona-malalaryň 1680-den gowragy, çizelleriň 29-sy ekin meýdanlaryna çykarylmaga doly taýýar edildi. Bu işde kärhananyň abatlaýjy ussalarynyň, mehanizatorlarynyň ençemesi yhlasly zähmetleri bilen has tapawutlandylar. Häzirki wagtda gowaça ekişine gatnaşjak mehanizatorlaryň, ekiş möwsüminde ýardam berjek ulag sürüjileriniň, ussalaryň arasynda tehniki, ýangyn howpsuzlygynyň, ýol-hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek boýunça düşündiriş-görkezme çäreleri guralýar.

Döwletmyrat DURDYÝEW,
TAP-nyň Görogly etrap komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar