Bir etrapdan iki habar

14 Fewral 2024
576

Pomidoryň bereketli hasyly ýetişdirilýär

Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhanalar toplumynyň işçileri her bir iş gününi netijeli geçirmek bilen, zähmetsöýerligiň belent nusgasyny görkezýärler. Ýyladyşhanalar toplumy 2018-nji ýylyň aprelinde ýurdumyzyň ilatyny ýylyň ähli paslynda ter gök önümleri bilen üpjün etmek, iş orunlaryny döretmek maksady bilen ulanmaga berildi. 10 gektar meýdany tutýan ýyladyşhanada 4 bölüm hereket edýär. Ýyladyşhanalar toplumynda pomidor ösdürip ýetişdirmek ýola goýlan. Häzirki wagtda bu ýerde işçi-hünärmenleriň 100-e golaýy zähmet çekýär. Olaryň aglabasy bolsa gyz-gelinlerdir.

Öz habarçymyz.
Beýleki habarlar