Pagtaçylyk pudagy: hasyl tohuma bagly

13 Fewral 2024
540

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kämil çözgütlerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň oba hojalygynyň pagtaçylyk pudagyny, şol sanda onuň tohumçylyk ulgamyny ösdürmek we ony ygtybarly ýola goýmak babatda taýsyz tagallalar edilýär. Edebi çeşmelerden we amal edilýän tohumçylyk işlerinden belli bolşy ýaly, gowaça sortlaryna mahsus bolan hojalyk ähmiýeti alamatlary uzak ýyllaryň dowamynda saklamak üçin tohumçylyk işlerini ylmy esasda ýokary derejede alyp barmak döwrüň talabydyr. Munuň üçin sortuň birmeňzeşligini we agrohojalyk alamatlarynyň görkezijilerini häsiýetnama laýyklykda saklamak möhümdir. Şonuň ýaly-da, önümçilige ornaşdyrylan gowaça sortlarynyň tohumçylyk işi ylmy esasda dogry alnyp barylmasa, ol sort önümçilikde uzak saklanmaýar. Netijeliligi pes bolýar. Munuň şeýledigini biziň alymlarymyzyň uzak ýyllaryň dowamynda geçiren ylmy-barlag we tejribe işleri görkezdi.

Gowaçanyň gülleýän döwründe maşgalalaryň we ösümlikleriň birmeňzeşligi sortuň häsiýetnamasyna laýyklykda meýdan gözegçilik işinde seredilýär.

Maýa ATADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar