Ekerançylaryň yhlasly zähmeti

13 Fewral 2024
535

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen daýhan birleşiklerinde, daýhan hojalyklarynda bugdaý, gowaça bilen bir hatada, gök-bakja ekinleriniň köp ekilip, olardan bereketli hasylyň öndürilmegine gönükdirlen işler barha giňden ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi halkymyzyň gündelik sarp edilýän gök, bakja önümleri bilen ygtybarly üpjün edilmegine, olaryň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltmaga mümkinçilik berýär. Bu ugurda gazanylýan şeýle guwandyryjy netijeler ekerançylarymyzyň çekýän agzybirlikli zähmetleriniň miwesidir.

Bu babatda welaýatymyzyň Akdepe etrabynyň kärendeçi daýhanlarynyň alyp barýan işleri-de örän guwandyryjydyr. Olar her ýyl ýeralmanyň, pomidoryň, kelemiň we beýleki önümleriň bereketli hasylyny ýetişdirip, halkymyzyň saçagyna ýetirmegiň hötdesinden gelýärler.

Beýleki habarlar