Şu ýylyň ýazynda Belarus Respublikasynyň ýüklerini Hazaryň üsti bilen daşamak synag ediler

12 Fewral 2024
356

Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Roman Golowçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Astrahan welaýatynda bolandygyny senagat önümçiligi boýunça «Lotos» ýörite ykdysady zolagynyň (ÝYZ) metbugat gullugy habar berýär. Sebitiň gubernatory Igor Babuşkin bilen geçirilen duşuşykda taraplar «Demirgazyk-Günorta» Halkara ulag geçelgesi boýunça ýük daşamagy ösdürmek we «Lotos» ÝYZ-da önümçiligiň lokalizasiýasy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, belarus tarapynyň wekilleriniň Astrahandaky port desgalary arkaly ýük daşamagy artdyrmak isleýändikleri bellenildi.

Beýleki habarlar