Halkara «Cisco Live 2024» atly uly tehniki-okuw çäresi geçirildi

12 Fewral 2024
423

5 — 9-njy fewralda Niderlandlaryň paýtagty Amsterdam şäherinde IT ulgamynyň gerimini giňeltmek, sanlylaşdyrmak, tor hyzmatlary we programma üpjünçiligi, kiberhowpsuzlyk babatynda tejribe alyşmak we bu ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça halkara «Cisco Live 2024» atly uly tehniki-okuw çäresi geçirildi. Bu çärä gatnaşýanlara döwrebap tehnologiýalar barada giňişleýin maglumat berýän seminarlara we sessiýalara gatnaşmak, halkara synaglara gatnaşyp, «Cisco» şahadatnamasyna eýe bolmak, IT bilermenler bilen barlaghanalara gatnaşmak we olar bilen duşuşyp, maslahat alyşmak, enjamlary we tehnologiýalary sazlamaga degişli özbaşdak tejribe barlaghanalarynda işleri geçirmek ýaly mümkinçilikler döredildi.

«Cisco Live 2024» atly uly tehniki okuw çäresiniň çäginde halkara sergi meýdançasy gurnaldy. Serginiň çäginde «Cisco Systems» kompaniýasynyň täze öndüren enjamlary bilen tanyşdyrylyp, olaryň tehniki häsiýetnamasy öwrenildi. Şonuň bilen birlikde, sergä gatnaşyjylar sergi meýdançasyndaky daşary ýurt kompaniýalaryň öndürýän önümlerini has giňişleýin öwrendiler.

Taýýarlan: Şöhrat BAÝRAMMYRADOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
Beýleki habarlar